Sepleriň elýeterliligi

Bahreýniň paýtagtyna harbylar gözegçilik edýär


Bahreýniň harbylarynyň aýtmagyna görä, olar paýtagt Manamanyň möhüm nokatlaryny öz kontrollyklaryna alypdyrlar.

Bahreýniň harbylarynyň aýtmagyna görä, olar paýtagt Manamanyň möhüm nokatlaryny öz kontrollyklaryna alypdyrlar.

Bahreýniň paýtagty Manamada howpsuzlyk güýçleri protestçilere agyr zarba uraly bäri köçelerde harby maşynlar göze ilýär.

Bahreýniň harbylarynyň aýtmagyna görä, olar paýtagt Manamanyň möhüm nokatlaryny öz kontrollyklaryna alypdyrlar.

Harbylar bidüzgünçilikleriň öňüni almak üçin köpçülikleýin ýygnanyşyklary hem gadagan etdiler. Bu baradaky beýanat penşenbe güni ýerli telewideniýe arkaly ýaýradyldy.

Penşenbe güni daň bilen polisiýa ýüzlerçe protestçini şäheriň merkezi Göwher meýdançasyndan dargadanda azyndan 2 adam ölüp, onlarça adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Parlamentiň oppozision agzalarynyň biri ýene-de iki adamyň düşen ýara zerarly ölendigini aýdypdyr. Ýöne bu habar tassyklananok.

Şeýlelikde, Tunis we Müsürde bolan gozgalaňdan soň guralan demonstrasiýalarda üstümizdäki hepdede heläk bolanlaryň sany dörde bardy.

Halk köpçüligi şaýy, patyşa sünni

15-nji fewraldan bäri köçelerde goş basyp ýatan protestçiler ilatynyň 70 prosenti şaýylardan durýan, emma bir sünni patyşa tarapyndan dolandyrylýan bu ýurtda giň gerimli syýasy reformalaryň geçirilmegini talap edýärler.

Şaýylaryň esasy oppozision “Wefak” partiýasynyň başlygy Abel al-Jalil Halil howpsuzlyk güýçleriniň hüjümini “hakyky terrorizm” diýip atlandyrdy.

“Bular ýaly gapma-garşylygyň we heläkçiligiň öňüni almak üçin diňe bir ýol ýa mümkinçilik ýok. Bu karara kim gelenem bolsa, ol muny adamlary öldürmek üçin edipdir” diýip Halil aýtdy.

Bahreýniň howpsuzlyk güýçleri paýtagt Manamanyň Göwher meýdançasynda, 17-nji fewral.



Içeri işler ministrliginiň sözçüsi General Tarek al-Hasan bolsa ýurduň resmi habar gullugy BNA tarapyndan ýaýradylan beýannamada protestçiler bilen dialoga hiç bir mümkinçilik galmansoň, howpsuzlyk güýçleriniň Göwher meýdançasyny boşatmaly bolandygyny aýdýar.

1971-nji ýylda Britaniýadan garaşsyzlygyny alaly bäri Bahreýnde sünni elita bilen şaýylaryň arasyndaky dartgynlyk sebäpli ýurtda bidüzgünçilikleriň ýüz bermegi bilen bagly wakalar az däl. Şaýylar özleriniň ala tutulýandyklaryny aýdýarlar.

Göwher meýdançasyna hüjüm edilmezden öň Ak Tamyň sözçüsi Jeý Karneý bu Pars aýlagyndaky adada barýan gazaply hereketleriň özlerini aladalandyrýandygyny aýtdy. Birleşen Ştatlaryň 5-nji deňiz floty şu ýerde ýerleşýär.

“Bahreýn, regiondaky ýurtlaryň ählisi ýaly, öz raýatlarynyň ählumumy hukuklaryna, olaryň protest giçirme hukugyna, nägileliklerini bildirme hukugyna sarpa goýmaly. Iki tarap hem gazaply hereketlerden saklanmaly. Elbetde, biz Bahreýnde we regionda bolýan wakalary synlaýarys” diýip, Karneý aýtdy.

Regiona ýaýraýar

Bahreýndäki protestler soňky hepdelerde Demirgazyk Afrikany we Ýakyn Gündogary gurşap alan, Tunisde we Müsürde ençeme ýyl bäri höküm sürüp gelýän prezidentleri häkimiýet başyndan kowan hökümete garşy göreş çäreleriniň bir bölegi.

Geçen hepde Alžirde, Bahreýnde, Eýranda, Iordaniýada, Liwiýada we Ýemende protestler turdy. Penşenbe güni Ýemeniň paýtagty Sanada protestçiler bilen hökümeti goldaýan güýçleriň arasynda çaknyşyk boldy.

Liwiýada hem internet aktiwistleri 17-nji fewraly “Gahar-gazap güni” diýip atlandyryp, halky umumy iş taşlaýşa çagyrdylar.

Muammar Kaddafiniň 40 ýyldan gowrak wagt bäri höküm sürüp gelýän ýurdunda adamlaryň köçä çykyp, öz narazylygyny bildirmegi gaty seýrek wakadyr.

15-nji fewralda gije ýurduň ikinji uly şäheri Bengazide ýüzlerçe protestçi bilen Kaddafiniň tarapdarlarynyň arasynda çaknyşyk turandygyny şaýatlar hem-de media habar berdi.

16-njy fewralda efire berlen çykyşynda Kaddafi ýurtda bolan tolgunmalary agzaman: “Rewolýusiýaçylar ýeňer, Birleşen Ştatlaryň we sionizmiň oýnatgylary ýeňler” diýdi.
XS
SM
MD
LG