Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: gürrüň kimiň saýlanjagynda däl


Prezident Nursoltan Nazarbaýew prezidentlik kasamyny edýär, Astana, 20-nji ýanwar, 1999-njy ýyl.

Prezident Nursoltan Nazarbaýew prezidentlik kasamyny edýär, Astana, 20-nji ýanwar, 1999-njy ýyl.

Gazagystanyň indiki prezidenti kim bolar? Bu sorag köpleri pikirlendirmeýän bolsa gerek.

Iki aý töweregi mundan ozal Gazagystanda gyssagly prezidentlik saýlawlarynyň geçirilmegine çagyrylypdy. Bu saýlawlarda bolsa 70 ýaşly Nursultan Nazarbaýewiň ýene-de ýurduň prezidentligine saýlanjagy ikuçsuz.

Gazagystanda prezidenlige dalaş edip biljek ençeme dalaşgärler özlerini saýlawlara hasaba aldyrmak üçin çylşyrymly resmi düzgünnamalary geçmäge mejbur edildi.

Her niçigem bolsa, Gazagystanda prezidentlik saýlawlarynyň möhletinden öň geçirilmegi indi känbir haýran galdyrmaýar. Bu saýlawlary hem hasaba alanymyzda, onda ýurt garaşsyzlygyny alaly bäri bu üçünji prezidentlik saýlawlary bolar. Mundan öňki saýlawlaryň ählisi-de möhletinden öň geçirilipdi.

Gazagystanda prezidentlik saýlawlaryny möhletinden bir ýyl öň, ýagny şu ýylyň 3-nji aprelinde geçirmek kararyna gelinmeginden ozal köp sanly syýasy jedeller ýüze çykypdy. Ilki başda Nazarbaýewiň prezidentlik möhletini 2020-nji ýyla çenli uzaltmak boýunça inisiatiwa topary döredildi we munuň bilen baglylykda gollar ýygnalypdy.

Gazagystanda prezidenlige dalaş edip bilmek üçin ilki ene dili boýunça synagdan geçmeli. Käbirleri ony syýasy garaýyş boýunça synag diýip hem häsiýetlendirýär.

Gazagystanyň häzirki hökümetiniň tankytçylarynyň biri, “Azat” partiýasynyň wekili Ualikhan Kaisarow bu synagdan geçmedi.

Hasaba alynmadyk “Alga” partiýasynyň wekili, etniki ors Wladimir Kozlow bu synagdan geçip biljegine ynamy bolmandygy üçin saýlawlarda bäsleşmekden saklandy.

Prezidentlige dalaş edip biljek beýleki kandidatlar ýurtda 1998-nji ýylda kabul edilen karara görä hasaba alynman hem bilerler. Bu karara görä, sud jogapkärçiligine, hat-da möhüm bolmadyk sebäplere görä sud jogapkärçiligine çekilenler prezidentlige dalaş edip bilenok.

1998-nji ýylda Nazarbaýewiň garşydaşy rugsat edilmedik ýörişe gatnaşandygy üçin 1999-njy ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda hasaba alynmandy.

Näme üçin şu wagt?

Her niçigem bolsa, Gazagystanda Nazarbaýew juda meşhur we onuň islendik saýlawlarda-da ýeňiş gazanjagy belli.

Emma häzirki wagtda “näme üçin ol nobatdaky gezek prezidentlige dalaş edýär?” diýen soragdan “näme üçin şu wagt?” diýen sowal has möhümräk bolup görünýär.

Munuň esasy sebäbiniň Birleşen Ştatlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň Nazarbaýewiň ömürlik prezidentlige saýlanmagyna ýa-da referendumy geçirip, möhletini uzaldylmagyna alada bildirmegidir. Gazagystanda prezidentlik saýlawlarynyň möhletinden öň geçirilmegi Günbataryň nägileligini azaltsa gerek.

Häzir Nazarbaýewiň häkimiýete geçirmek üçin taýýar adamy ýok.

On ýyl mundan ozal, käbirleri Nazarbaýewiýiň giýewsi Rahat Alyýewe onuň mirasdüşeri hökmünde garaýardylar. Emma häzir Rahat Alyýew Nazarbaýewiň uly gyzy Darigha Nazarbaýewa bilen aýrylyşdy. Şeýle-de Rahat bikanun ykdysady işleri edenlikde we Nazarbaýewi häkimiýetden agdyrmak synanyşygynda aýyplandy. Ol häzir Awstriýada bosgunlykda ýaşaýar. Eger-de ol ýurda dolansa, oňa 40 ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmek howpy bar.

Nazarbaýewiň ikinji gyzynyň adamsy Timur Kulibaýewe Gazagystanyň prezidentiniň mümkin bolaýjak mirasdüşeri hökmünde garalýardy. Emma geçen ýylyň noýabrynda Şweýsariýanyň derňewçileriniň oňa garşy hapa pullary ýuwmakda bildiren aýyplamasy sebäpli, Timur Kulibaýewiň işi gaýdyp başlady.

Başga bir teoriýa görä, Gazagystanda möhletinden öň prezidentlik saýlawlarynyň geçirilmegi Orsýetde geçiriljek prezidentlik saýlawlary bilen bagly. 2012-nji ýylda Orsýetde geçjek prezidentlik saýlawlarynda Dmitriý Medwedewiň ýa-da Wladimir Putiniň prezident saýlanjygy GDA döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ählisini alada goýýar. Sebäbi Medwedew bilen Putin biri-birinden tapawutly pikir ýöredýäne meňzeýär. Emma olar çynyny edýärmi ýa-da oýun edýärmi - bu belli däl.

Aslynda Gazagystandaky prezidentlik saýlawlary Orsýetde boljak prezidentlik saýlawlaryndan sekiz aý soň geçirilmelidi. Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň müdiri Ýedigeý Magauinanyň pikiriçe, indiki saýlanjak ors prezidenti Nazarbaýewiň ýa-da beýleki biriniň tarapyny tutup bilerdi. Nazarbaýew şu töwekgelçiligiň öňüni aldy.

GDA döwletleriniň ýolbaşçylary, şol sanda Nazarbaýewiň özi hem ors mediasynyň Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýewe 2010-njy ýylda eden media hüjüminiň näme bilen gutarandygyna şaýat boldular. Şol hüjümlerden birnäçe hepde soň, Bakyýew häkimiýetden çetleşdirilipdi.
XS
SM
MD
LG