Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Manamanyň merkezine harbylar kontrollyk edýär


Bahreýniň paýtagty Manamada polisiýa oppozisiýanyň lagerini tozdurandan soň, harbylar şäheriň merkezine kontrollygy öz eline aldy.

Polisiýa bilen çaknyşyklar wagty dört adam ölüp, 150 töweregi ýaralanypdyr. Ýaralananlaryň arasynda amerikanyň AWS telekompaniýasynyň žurnalisti Migel Markes hem bar.

Harbylar köpçülikleýin aksiýalar geçirmäge wagtlaýynça gadaganlyk girizdi.

Häkimiýetleriň hereketlerine protest hökmünde iň uly oppozision partiýa parlamentden öz deputatlarynyň çekilýändigini yglan etdi.

Aksiýalara gatnaşyjylar syýasy reformar geçirmegi talap edýärler.

Ak Tamyň wekili Jeý Kerneý Bahreýnde protestçileriň garşysyna güýç ulanylmagyna Waşingtonyň garşydygyny aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Bahreýnde, Ýakyn Gündogaryň beýleki ýurtlarynda we Demirgazyk Afrikada parahat demonstrasiýaçylaryň garşysyna zorlugy togtatmaga çagyryş etdi.
XS
SM
MD
LG