Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda halkara futbol ýaryşy geçiriler


20-28-nji fewral günleri paýtagtyň “Olimpiýa” sport toplumynda we Abadan şäheriniň täze stadionynda Türkmenistanyň prezidentiniň kubogy boýunça halkara futbol ýaryşy geçiriler.

Şu günki gün Ermenistanyň “Gandzasar”, Mahaçgalanyň “Anži”, Orsýetiň Çerepowes şäheriniň “Şeksna”, Täjigistanyň “Rigartadaz” komandalary ýaryşa gatnaşjakdyklaryny tassykladylar.

Türkmenistandan paýtagtyň “Altyn asyr”, Balkanabadyň “Nebitçi” , Marynyň “Merw” komandalary gatnaşar. Ýene üç komanda ýakyn günlerde anyklanar.

Ýeňijilere kubokdan başga 35 müň amerikan dollary berler diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
XS
SM
MD
LG