Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Guantanamo türmesi ýakyn wagtlarda ýapylmaz


ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýts Kubadaky Guantanamo amerikan harby türmesini ýapmagyň şansy juda az hasap edýär.

Penşenbe güni Ýaragly güýçleriň işi boýunça Senatyň komitetiniň agzalarynyň öňünde eden çykyşynda Geýts türmäni ýapmak ideýasy bilen kongressmenleriň köpüsiniň ylalaşmaýandygy üçin şeýle kararyň kabul edilmek ähtimallygynyň azdygyny aýtdy.

Şeýle-de, amerikan kanun çykaryjylarynda terrorizmde güman edilip, Guantanamo türmesinde saklanýanlaryň işine graždan sudunda seretmelimi ýa harby sudda - diýen meselede-de ýeke-täk pikir ýok.

2009-njy ýylda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama döwlet baştutany wezipesine geçenden birnäçe gün soň Guantanamo türmesini ýapmaga söz beripdi.
XS
SM
MD
LG