Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystandaky partlamada sekiz adam öldi


Owganystanda janyndan geçen hüjümçiniň özüni ulagda partlatmagy netijesinde sekiz adam, şol sanda polisiýanyň iki işgäri hem öldi.

Host şäheriniň polisiýasynyň aýtmagyna görä, bu partlama anna güni şäheriň barlag gözegçilik nokadynda amala aşyrylypdyr.

Ýerli keselhana resmisiniň maglumatyna görä, bu partlamada başga-da 30 töweregi adama şikes ýetipdir.

Partlamanyň dörän ýerindäki binalara hem zeper ýetipdir.
XS
SM
MD
LG