Sepleriň elýeterliligi

Eýranda oppozisiýa garşy “Ýigrenç ýörişi” geçirildi


Anna güni Eýranda oppozisiýa garşy “Ýigrenç ýörişi” geçirildi. Ony häkimiýetler gurnady.

Juma namazyndan soň, ýurduň telewideniýesi paýtagt Tähranyň Ynkylap meýdançasyndaky köp sanly toparlaryň ýörişini efire berdi.

Ýörişe gatnaşýanlar Birleşen Ştatlara we Ysraýyla garşy şygarlary gygyrdylar.

Ýörişe gatnaşyjylar oppozisiýa liderleri Mir Hossein Mussawiniň we Mehdi Karrubiniň öldürilmegine çagyryş etdiler.

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň habar bermegine görä, şuňa meňzeş ýörişler ýurduň beýleki künjeklerinde hem geçirildi.

Bu ýörişler duşenbe güni oppozisiýa liderleriniň onlarça müň adamyň gatnaşmagyndaky protestleri çagyrmagyna garşylyk hökmünde geçirildi.
XS
SM
MD
LG