Sepleriň elýeterliligi

Müsürde galan türkmenler


Ö.Ýollyýewiň ynanjyna görä, Müsürde okaýan türkmen studentleriniň türkmen hökümeti tarapyndan idelmezligi olaryň din ugrundan özbaşdak bilim almaga çalyşmagy bilen bagly.

Ö.Ýollyýewiň ynanjyna görä, Müsürde okaýan türkmen studentleriniň türkmen hökümeti tarapyndan idelmezligi olaryň din ugrundan özbaşdak bilim almaga çalyşmagy bilen bagly.

Resmi Aşgabat geçen ýyl Gyrgyzystanda turan halk gozgalaňy mahalynda bu ýurduň okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentleriniň yzyndan ýörite uçar iberip, olaryň ýurda dolanmagyna kömek edipdi. Ýöne Türkmenistan Müsürde okaýan türkmen studentlerine beýle kömek etmedi.


On ýyldan gowrak wagt bäri Müsürde ýaşaýan we özüni Öwez Ýollyýew diýip tanadan türkmen raýaty bu ýurtdaky türkmen studentleriniň halk gozgalaňyndan soň öz durmuş-ýaşaýyşlary barada örän alada edýändiklerini aýtdy.

Öwez Ýollyýewiň aýtmagyna görä, Müsürdäki türkmen studentleriniň bir topary halk gozgalaňynyň gyzyşýan günlerinde ýurda, Türkmenistana dolanmak isläpdir. Emma Türkmenistanyň Müsürde ilçihanasynyň bolmazlygy olaryň bu isleginiň wagtynda amala aşmagyna päsgelçilik döredipdir.

Olara bu mesele bilen Saud Arabystanyndaky türkmen ilçihanasyna ýüz tutmak maslahat berlipdir. Netijede, Ýollyýewiň aýtmagyna görä, Müsürdäki türkmen studentleriniň käbiri Türkmenistana dolanmagy başarypdyr. Emma bu ýerde Müsürde ýaşaýan türkmen studentleriniň ýagdaýyny has çylşyrymlaşdyrýan başga ýagdaýlar hem bar.

Müsürde doglan türkmen çagalary

Öwez Müsüre okamaga gelen türkmen ýigitleriniň bir toparynyň Türkmenistandan gelinlik getirip, bu ýurtda maşgala gurandyklaryny we çagalarynyň bolandygyny aýdýar. Emma ol çagalaryň ýerli häkimiýetler tarapyndan berlen dogluş şahadatnamalary bolsa-da, türkmen dokumentleri ýok. Ýa-da bolmasa, türkmen dokumentleri bar bolan maşgala agzalarynyň hem pasportunda zerur möhürler ýok.

Aýdylmagyna görä, Saud Arabystanyndaky türkmen ilçihanasy olaryň bu kynçylyklaryny çözmäge kömek etmändir. Bu ýagdaý Müsürdäki türkmen maşgalalarynyň käbir maşgalabaşylarynyň ýurda dolanyp, beýlekileriniň şol ýerde mejbury galmagyna getiripdir.

Müsürde student türkmenleriň maşgalasynda doglan türkmen çagalarynyň müsür raýatlygyny almagy üçin olaryň 14 ýyl şol ýurtdan çykman ýaşamagy, üstesine ene-atalarynyň syýasata goşulmazlygy gerek. Bu olaryň Müsürde doly hukukly raýat bolmak üçin geçmeli ýolunyň uzakdygyny görkezýär.

Eger müsür halkynyň özüniň hem işsizlik, garyplyk sebäpli häkimiýetlere garşy gozagalaňa turanyny nazara alsak, ol ýerde student maşagalasynda doglan türkmen çagalarynyň gün-güzeranynyň ýeňil bolmajagyny aýdyp oturmak hem artykmaç.

Türkmenistanyň içki dini ýagdaýlary

Müsürde okaýan türkmen studentleriniň ýagdaýyny kynlaşdyrýan ýene bir ýagdaý bolsa, Ö.Ýollyýewiň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň içki dini ýagdaýlary bilen bagly. Ol türkmen studentleriniň köpüsiniň hut şu mesele sebäpli Müsürde sabyr-kanagat etmäge çalyşýandyklaryny aýdýar.

Türkmen kanunlary din azatlygyny, raýatlaryň islän dinine uýmak ýa-da uýmazlyk erkinligini doly kepillendirýär. Emma, Ö.Ýollyýewiň ynanjyna görä, Müsürde okaýan türkmen studentleriniň türkmen hökümeti tarapyndan idelmezligi olaryň din ugrundan özbaşdak bilim almaga çalyşmagy bilen bagly. Ol türkmen häkimiýetleriniň Müsürde din ugrundan okap, ýurda dolanyp baran oglanlary töhmet esasynda türmä basan halatlarynyň hem bolandygyny aýdýar.

“Müsürden dolanyp baran türkmen oglanlarynyň birnäçesini, mysal üçin Abdylhaý Geldiýewi, Marydan Akmuhammet agany öýlerine neşe oklap, ganlaryny barlan bolup, neşekeş diýip, töhmet esasynda türmä basdylar” diýip, Ö.Ýollyýew aýtdy.

Daşarda galan türkmenleriň raýatlyk hukuklary

Öwez Ýollyýewiň tassyklamagyna görä, Müsürde syýasy bosgunlyk alan türkmenler hem bar. Olara aýda 200 dollar çemesi kömek berilýär. Emma bu ýurtda ýaşamak üçin öýli-işikli adama aýda 4-5 ýüz dollar gerek. Öwez türkmen studentleriniň köpüsiniň okuwyň daşyndan tapan işini etmäge mejbur bolýandygyny aýdýar. Bu hili ýagdaýda ýurduna dolanmak isleýän türkmen maşgalalary, Türkmenstanyň Baş kanunynyň her bir raýata ýurtdan gitmek we oňa dolanyp gelmek barada berýän hukugy esasynda, hiç bir päsgenlçiliksiz yzyna dolanyp bilmeli.

Häzir Awstriýada bosgunlykda ýaşaýan Nurmuhammet Hanamow ozal Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky ilçisi boldy. Ol Türkiýede işlän döwründe arap ýurtlarynyň birinde iki sany türke ölüm höküminiň çykarylandygyny, şonda türk häkimiýetleriniň we metbugatynyň olary halas etmek üçin aýaga galandygyny ýatlap, Türkmenistanyň hem häzirki ýagdaýda öz raýatlaryna hökman arka çykmalydygyny aýdýar.

“Türkmenistanda hökümet hakykatdan hem öz raýatlaryny goraýan bolsa, hökman olara arka çykmaly” diýip, öňki ilçi munuň Türkmenistanyň döwlet hömündäki at-abraýyny artdyrjagyna ünsi çekdi.

“Türkmenistan öz halkynyň bir bölegini dini garaýşy ýa-da arap dünýäsinde bolan halk gozagalaňyna biygtyýar şaýat bolany üçin kanuny raýatlyk goldawyndan mahrum etmese, bu diňe onuň öz abraýyna bolar” diýip, Hanamow Azatlyk Radiosyna Awstriýadan telefon arkaly beren gürrüňinde aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG