Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan resmisi metbugat ýygnagyny geçirdi


16-njy fewralda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynda metbugat konferensiýasyny geçirdi.


Wideo: ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynda geçirilen metbugat konferensiýasyndan, "Ak Altyn" myhmanhanasy, Aşgabat, 16-njy fewral, 2011-nji ýyl.

Amerikan delegasiýasynyň we türkmen tarapynyň gatnaşmagynda Aşgabatda geçen konsultasiýalarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýarym ýylyna syn berildi. Türkmen tarapyndan oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, beýleki esasy ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, spesialistleri gatnaşdylar.

Türkmen resmileri bilen geçirilen ikitaraplaýyn ýyllyk konsultasiýalaryň gidişinde Owganystany durnuklaşdyrmak boýunça edilýän tagallalar, howpsuzlyk, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçiriji proýekti, söwda we energiýa hyzmatdaşlygy, maýa goýumlar we adam hukuklary maslahat edildi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili Robert Bleýk türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ösüşi boýunça konsultatiw duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredow bilen özara bähbitli we konstruktiw gepleşikleriň geçirilendigini belledi.

Aşgabatda Birleşen Ştatlar bilen Türkmenistanyň arasyndaky konsultasiýalar geçen ýylyň iýun aýynda hem geçirildi. Bu konsultasiýalaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uly gerimli meseleleri geňeşilýär. Şeýle-de bu ugurda ösüş gazanmak üçin takyk hem praktiki çäreler kesgitlenilýär.

Energiýa proýektleri

Bleýk nobatdaky duşuşykda Owganystanyň parahatçylyk meselesiniň iki tarap üçin bähbidi barada gürrüň edilendigini aýtdy. Ol, hususan-da, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda öňe sürülýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçiriji proýektiniň gowy garşylanýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda žurnalistler amerikan resmisi Robert Bleýkden “Nabukko” bilen deňeşdirilende, TOPH proýektini gollamagyň Birleşen Ştatlara näme üçin bähbitlidigini soradylar. Robert Bleýk “Nabukko” bilen TOPH-a özara baglanyşykly proýektler hökmünde garamakdan saklanmalydygyny belledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Robert Bleýk Birleşen Ştatlaryň, umuman, Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň diwersifikasiýasyny goldýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň “Nabukko” proýektine öz gazyny bermek kararyny hem Birleşen Ştatlaryň çuňňur makullamak bilen kabul etjekdigini aýtdy.

Amerikan resmisi TOPH proýekti diňe bir Türkmenistanyň bähbidine bolman, Owganystana-da bähbitli bolar diýdi. Şeýle-de onuň Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň integrasiýasyna goşant goşjakdygyny nygtady. Soňra ol bu ugurda öňegidişligiň bardygyny aýdyp, ýöne çözülmeli meseleleriňem ýeterlikdigini belledi.

Adam hukuklary

Metbugat konferensiýasynyň dowamynda Türkmenistanda adam hukuklary meselesi boýunça-da sorag berildi. Robert Bleýik bu barada özüniň geçiren duşuşygynda söz açylandygyny, hususan-da, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalisteriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada gürrüň edilendigini belledi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk garaşsyz žurnalistleriň öz wezipelerini hiç bir bökdençsiz ýerine ýetirmekleri üçin bar bolan kynçylyklaryň aradan aýryljagyna umyt baglaýandygyny Türkmenistanyň resmilerine bildiripdir.

Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ösüşi boýunça konsultatiw duşuşykdan soň geçirilen metbugat konferensiýasynyň dowamynda berlen soraglaryň biri-de häzir Müsürde, Tunisde we käbir beýleki arap döwletlerindäki gapma-garşylyklaryň, protestleriň Merkezi Aziýa sebitinde döremek ähtimallygy hakda boldy.

“Meniň pikirimçe, bir sebiti beýleki sebit bilen deňeşdirmek synanyşygy elmydama-da kyn iş. Ýöne Tunisdäkä we Müsürdäkä meňzeş ýapyk jemgyýetleriň ýolbaşçyarynyň ol ýurtlarda bolan wakalardan sapak almaklary möhümdir” diýip, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Robert Bleýk aýtdy.

Robert Bleýk liderleriň ýaş nesliň isleglerini göz öňünde tutup, ýurtda has köp ykdysady we syýasy azatlygy üpjün etmekleriniň juda möhümdigini belledi. Ol ýaşlaryň öz arzuw-isleglerini beýan edip bilmegi üçin graždan jemgyýetiniň, azat metbugatyň we şonuň ýaly mehanizmleriň ulanylmagynyň zerurdygyny nygtady.

“Bu hem ýaşlara ýeterlik iş orunlarynyň döredilmegi we olaryň öz maksatlaryna ýetmekleri üçin bazar ykdysadyýetine geçilmegiň möhümdigini görkezýär. Bu ýene-de bir gezek ähli hökümetleriň öz ilatynyň zerurlyklary barada aladalanmagynyň örän möhümdigini tassyklaýar” diýip, amerikan resmisi Robert Bleýk aýtdy.

16-njy fewralda Aşgabatda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem duşuşdy. Duşuşykda Berdimuhamedow Türkmenistanyň ABŞ bilen özara partnýorlygyna uly üns berýänligini belledi.
XS
SM
MD
LG