Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nas


Halanylsa-da, halanylmasa-da, nas atmaklyk Türkmenistanda biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.
Halanylsa-da, halanylmasa-da, nas atmaklyk Türkmenistanda biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.
Türkmenistanda çilim ýasalýan ak temmäki ekilmeýär. Munuň sebäbi ýurtda çilim zawodynyň ýoklugy üçindir. Ýöne ýurtda nas taýýarlanylýan gök temmäki welin ekilýär.

Nasdan neşe edinmek türkmenleriň arasynda gaty ir döwürlerden bäri bar. Türkmen klassyky şahyrlarynyň köpüsinde nasy, nas atýan kişini tankytlap ýazylan birnäçe goşgular bar.

Halanylsa-da, halanylmasa-da, nas atmaklyk Türkmenistanda biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Biziň günlerimizde-de nas atýanlar-da bar, nasy ýasaýanlar-da bar, nasy satýanlar-da.

Naskeşlik hem edil beýleki neşeler ýaly özüne garaşly edýär. Nasa bir özüni aldyran kişi ondan aňsat aýrylyp bilmeýär.

Naskeşlige garşy nähili göreşilýär?

Naskeşlige her döwürde birhili göreşilipdi. Hatda bu ýaramaz pişäniň garşysyna sowet döwründe-de göreşilipdi.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow nasy köpçüligiň ýerinde, şäheriň merkezinde gadagan edip, ony diňe paýtagtyň demirgazyk çäginde satmaga ygtyýar beripdi. Emma 2008-nji ýylda Berdimuhamedow nasy gadagan etmek barada karar çykaryp, ony beýleki neşe serişdeleriň hataryna deňleşdirdi.

Elbetde, nas bilen tutulanlar neşe maddalary bilen ele düşenler ýaly deň derejede bolanok. Olara ilkibada üç gezek jerime töletdirilýär. Üçünji gezekden soňam ele düşse, onda jenaýat jogapkärçiligine çekilýär.

Nasy satmak barada kararyň çykanyna iki ýarym ýyl geçse-de, heniz nas satany üçin türmä ugradylan adamyň ýokdugy aýdylýar. Bu bolsa, nas satýanlara göreşiň edil o diýen berk däldiginiň alamatydyr.

Nasyň garşysyna göreşiň gowşak alnyp barylýandygy hususy dükanjyklarda, hojalyklarda onuň yzygiderli satylyp durulmagy hem aýdyň subutnama bolup dur.

Nasy atýanlar diňe erkekleriň däl, eýsem, aýallaryň arasynda-da bar. Polietilen kagyzyndan ini üç santimetr, boýy ýedi-sekiz santimetr bolan haltajyklarda bir manada satýarlar. Şeýle haltajykdaky bir manatlyk nas kanagatlyrak naskeşe ertirden agşama çenli bolýar. Bu bolsa kanagatlyrak naskeşe bir aýda on amerikan dollaryna barabar nas gerekdigini habar berýär.

Çilimkeşleriň hossarlary maşgaladaky bir çilimkeşe bir aýyň dowamynda otuz-kyrk dollara barabar çilim puly gerekdiginden nalaýarlar. Arakhorlar bilen neşekeşlere bolsa, has-da köp çykdaýjy gerek. Şeýle bolansoň, iň arzan neşelemek nas bolup galýar. Hossarlar hem ogullarynyň neşekeş ýa-da arakhor bolanyndan naskeş bolanyny kem görenoklar.

Gazanç çeşmesi

Durmuşdaky janly faktlaryň görkezmegine görä, temmäki ekip ýetişdirmek hem-de nas ýasamak öýken keselini döredýär. Has dogrusy temmäki ekýänlerde, nas ýasaýanlarda öýkene suw üýşme keseli köp duş gelýär. Şeýle-de bolsa, temmäki ekmek oba adamlarynyň ekerançylygyndan ýitmeýär. Sebäbi temmäkiden lomaý pul düşýär. Nas ýasaýanlar temmäkini örän gymmat bahadan alýarlar.

Daýhany nas atýanlaryň saglygy-da gyzyklandyrmaýar, nasyň zyýany baradaky maglumatlar-da. Ol diňe bir zady bilýär—ol her edip, hesip edip maşgalany süýremelidigini bilýär, çagalary iýdirip-geýdirmelidigini bilýär.

Temmäkini ekmek, otamak, soňra ýygnap, ýel-ýagşyň degmeýän ýerinde, ýapyk jaýda guratmak örän görgi bolsa-da, temmäkä ýeriň şory bilen gurçugy täsir etmeýär. Şonuň üçin köp kişiler temmäki ekmegi gowy görýärler. Şeýle hem temmäki hiç wagt hyýar-pomidor, gawun-garpyz, sogan-kartoşka ýaly çüýräp-zaýalanyp galmaýar, temmäkini goýara ýer tapsaň, iki-üç ýyldan soň satsaň-da bolýar, bäş ýyldan soň satsaň-da. Umuman, bu ekin daýhana gazanç üçin amatly bolýar. Emma onuň zyýany welin köpleri oýlandyranok.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG