Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Açylan bazaryň açylyşyna garaşylýar


Buldozerler bilen tekizlenip, ýerine arça agaçlary ekilen öňki jygyldyk bazaryndan 5 kilometr uzaklykda bolan «Altyn asyr» bazarynyň 15-nji fewralda açylyş dabarasy boldy.



Täze bazary synlamaga gelen Aşgabadyň ýaşaýjysy Orazyň aýtmagyna görä, ýurtdaky beýleki bazarlar bilen deňeşdirip bolmajak bu bazar özüniň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, taşlanyp gidilen kiçeňräk şäheri ýada salypdyr. Türkmen telewideniýesinde bu bazaryň açylyş dabarasynyň reportažynda görkezilen — prezidente namazlyk sowgat beren daýza-da görünmändir, söwdagärlerem. Olaryň bazary dolduryp duran harytlaram göze ilmändir.

Häzir hem bazarda söwda edýän bir-iki sany satyjy diýäýmeseň, başga satyjy ýok. Bazaryň haçan doly işläp başlajakdygy näbelli. Elbetde, bazarda harytlaryny getirip başlan söwdagärlerem duşýar. Bazara bir-iki sany marşrut awtobuslaryndan başga jemgyýetçilik transporty gatnanok. Ol awtobuslaram esasan bazaryň söwdagärlerinden doly. Bazara baran alyjylaram boş bazary synlap yzlaryna dolanýarlar. Öňki jygyldygyň ornuny häzir «Daýhan» ýa-da il içinde atlandyrylyşy ýaly «Gündogar bazary» tutýar. Her kim häzir şol bazara barýar.

Çölüň içinde mermer oazis bolup duran bu bazaryň açylyş dabarasy sebäpli Aşgabadyň ors bazary bir gün ýapyldy. Birnäçe günläp täze bazaryň açylyş dabarasy üçin harytlaryny daşan ors bazaryň satyjylaryny hem şol gün bu bazara getiripdirler.

Bazary doldurmak üçin diňe bir ors bazaryň söwdagärleriniň hem-de olaryň harytlarynyň ýeterlik bolmajakdygyny bu bazaryň ägirtliginden bilip bolýar. Şonuň üçin, açylyş dabarasyna şäheriň we onuň golaýyndaky beýleki bazarlaryň hem satyjylaryna täze bazaryň harytlardan doldurylmagy barada häkimiýetler görkezme berdi.

Bazaryň içinde maşynly aýlanaýmasaň, pyýada aýlanmak üçin, iň bolmanda 5-6 sagat gerek boljak. Elbetde, bärde harytdan doly bazar barada gürrüň gidýär. Bazarda maşynly aýlanmak üçin şertlerem bar. Dört derwezeli bazaryň içindäki köçejiklere köçe diýmäge esas bar. Hatda şol köçeleriň ugrunda ýol belgileri hem goýlupdyr.

Halynyň göli şekilinde gurlan bazar birnäçe zolaklara bölünip, olar ýörite belgiler bilen bellenilipdir. Bazaryň ortarasynda dört sany uly pawilýonlar bolup, olaryň aşagynda dükanlar we prilawkalar ýerleşdirilipdir. Dört uly pawilýonlaryň çar tarapynda olardan biraz kiçiräk bolan 12 sany pawilýonlar bar. Ertekä meňzeş, mermere örtülen bazaryň prilawkalary hem mermerden.

Prilawkalar uly pawilýonlaryň aşagynda ýerleşdirilip, olar ýüzlerçe çyralar bilen yşyklandyrylýar. Prilawkalaryň aşagyndaky plastikden ýasalan, gulplanýan gapyly tekjelerde satyjylara öz harytlarynyň bir bölegini goýmaga mümkinçilik bar. Bazardaky seýrek duş gelýän satyjylaryň biri, 28 ýaşly Meret bu tekjelerde harytlaryň barysyny saklap bolmajakdygyny aýdýar. Bazaryň plastik gapyly we penjireli ýüzlerçe dükanlary hem Aşgabadyň beýleki bazarlaryndaky dükanlar bilen deňeşdireniňde örän giň. Emma, bu dükanlara öňki jygyldyk bazaryndaky 40 tonnalyk konteýnerlere sygýan harytlar sygmaz.

Bazarda lomaý söwda etmek üçin şertler ýok diýerlik. Bazaryň ortarasynda ýerleşen 30 metrlik sagatly sütün bazaryň islendik ýerinden görünýär. Bu sütün bazarda oriýentasiýany ýitirmezlik üçin örän amatly. Eýýäm käbir adamlar bu sütüni «Azaşýanlaryň maýagy» diýip atlandyrýarlar.

Şowhunly geçen «Altyn asyr» bazarynyň açylyş dabarasyndan soň, ilat bu bazaryň hakyky açylyşyna garaşýar.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG