Sepleriň elýeterliligi

Liwiýa gozgalaňlarynda 80-den gowrak adam öldürildi


Düýbi Nýu Ýorkda ýerleşýän Hýuman Raýts Wotç guramasy Liwiýadaky gozgalaňlaryň basylyp ýatyrylmagy netijesinde üç günüň dowamynda öldürilen adamlaryň sanynyň 84-e ýetendigini aýdýar.

Adam zaýaçylygynyň iň köp bolan ýeri ýurduň ikinji uly şäheri Bengazi. Bu şäherde, bir hassahanadan berlen habara görä, anna güni 35 adam ölüpdir.

Şu hepde Liwiýanyň başga-da azyndan dört şäherinde polisiýa bilen protestçileriň çaknyşygy boldy.

Döwlet metbugaty 40 ýyldan gowrak häkimiýet başynda oturan Muammar Kaddafiniň tankytçylaryndan öç alynjakdygyny duýdurdy.
XS
SM
MD
LG