Sepleriň elýeterliligi

Bahreýniň şaýy oppozisiýasy gepleşik teklibini ret edýär


Bahreýniň esasy şaýy oppozision topary gozgalaňy soňlamak üçin milli gepleşik geçirmek teklibini ret etdi.

Wefak blogunyň uly agzalary ilki hökümet iş başyndan çekilsin we goşuny paýtagt Manamanyň köçelerinden çykarsyn diýdiler.

Patyşa Hamad bin Isa al-Halifa öz uly ogly, täç geýdirilen şazada Salmana syýasy krizisi çözmek üçin ähli taraplaryň gatnaşmagynda milli dialoga başlamagy tabşyrdy.

Bahreýndäki syýasy krizis netijesinde dört protestçi ölüp, ýüzlerçesi ýaralandy.

Bu ýurtda protestçileriň köpüsi sünni patyşa maşgalasynyň agdarylmagyna çagyrýar.
XS
SM
MD
LG