Sepleriň elýeterliligi

Alban oppozisiýasy hökümete garşy protest geçirýär


Anna güni paýtagt Tiranada onlarça müň oppozisiýa tarapdary hökümetiň korrupsiýa aýyplamalary sebäpli işden çekilmegine çagyryp ýöriş etdi.

Polisiýa işgärleriniň ýüzlerçesi Tiranadaky esasy hökümet binalarynyň goragynda goýuldy. Bu ýerde 21-nji ýanwarda bolan protestlerde dört adam ölüp, onlarça protestçi we polisiýa işgäri ýaralanypdy.

Oppozisiýadaky Sosialistler konserwatiw premýer-ministr Sali Barişanyň işden çekilmegini we irki saýlawlaryň geçirilmegini talap edýärler. Olaryň esasy delili korrupsiýa aýyplamalary we 2009-njy ýyldaky parlament saýlawlarynda boldy diýilýän galplyklar.

Berişa işden çekilmekden boýun towlaýar we oppozisiýany hökümet agdarylyşygyny geçirmek synanyşygynda aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG