Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ BMG-niň Ysraýyl gurluşyklaryny ýazgarýan taslamasyna weto goýýar


Birleşen Ştatlar BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Yraýylyň palestin territoriýasyndaky gurluşyklaryny ýazgarýan rezolýusiýasyna weto goýdy.

Geňeşiň beýleki 14 agzasy bu rezolýusiýanyň taslamasyna goldaw sesini berdi.

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Suzan Raýs geňeş agzalaryna «bu weto biz gurluşyk işlerini goldaýar diýen manyda ýalňyş düşünmeli däl» diýdi.

Palestinalylar ABŞ-nyň arap howandarlygyndaky rezolýusiýa weto goýmagy Ysraýylyň öz borçlaryny ýerine ýetirmekden gutulmagyna ýol açyp, parahatçylyk işine zyýan berdi diýdi.

Britan ilçisi Mark Laýal Grant Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň adyndan çykyş edip, Ysraýylyň Günbatar kenardaky gurluşyklaryny ýazgardy.
XS
SM
MD
LG