Sepleriň elýeterliligi

Alžirli protestçiler polisiýanyň päsgelçiliklerinden aşýar


Alžiriň paýtagtynda şenbe günu 200 bilen 500 aralygyndaky protestçiniň pitneçilige garşy göreşýän polisiýa garamazdan merkezi meýdança ýygnanmagy başarandygy aýdylýar.

1-nji maý meýdançasyna barýan ähli ýollar baglanan we protestçileriň bu ýere gelip bilmezligi üçin barrikada, päsgelçilik bary goýlan.

Emma muňa garamazdan, protesçileriň käbiri merkezi meýdança gelmegi başardy we režime garşy şygarlara gygyrdy.

Olara goşulmak isleýän, emma ýoly baglanan protestçiler beýleki köçelerde ýygnandylar.

Bir hepde ozal müňlerçe polisiýa işgäri şeýle protestleriň öňüni baglapdy.
XS
SM
MD
LG