Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň oppozisiýasy ýekşenbe güni täze proteste çagyrýar


Eýran oppozisiýasy halky ýekşenbe güni Tähranda we beýleki şäherlerde proteste çykmaga çagyrdy.

Oppozisiýa bu protesti geçen gezekki demonstrasiýa mahalynda heläk bolan iki adamyň ölen gününiň ýedisine gabatlap geçirmekçi bolýar.

Oppozisiýanyp internet saýty bu demonstrasiýanyň «Eýranda dini diktatura garşy söweş» boljagyny aýdýar.

Şenbe güni içeri işler ministri Mostafa Mohammad Najar eger oppozisiýa tarapdarlary demonstrasiýa gurnasa, olara kanun esasynda çäre görüljegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG