Sepleriň elýeterliligi

Günorta Owganystanda banka zabt edildi


Şenbe güni Owganystanyň günortasynda banka edilen hüjümde azyndan 18 adamyň ölendigi aýdylýar.

Fransiýanyň AFP habar gullugy Nangarhar welaýatynyň gubernatory Gul Aga Şirzaýa salgylanyp, 70-den gowrak adamyň ýaralanandygyny ýazýar.

Prezident Karzaýyň edarasy Kabul bankynyň welaýat bölümine edilen hüjüme üç sany janyndan geçen bombaçynyň hem gatnaşandygyny aýtdy.

Jalalabatdaky banka edilen hüjümiň jogapkärçiligini Talyban öz üstüne aldy we jeňçileriň aýlyk almaga gelen owgan esgerlerini nyşana alandyklaryny aýtdy.
XS
SM
MD
LG