Sepleriň elýeterliligi

Liwiýada hökümete garşy protest aksiýalary güýçlenýär


Liwiýanyň prezidenti Muammar Kaddafiniň ogly Seýf al-Islam ýurt graždanlyk urşunyň we bölünişigiň bosagasynda dur diýdi.

Öten agşam Seýf al-Islam telewideniýe arkaly halka ýüzlenmesinde protestçileriň ençeme harby bazalary, tanklary we ýaraglary eýeländigini boýun aldy.

Ol ýüzlerçe adamyň ölendigi baradaky habarlara “çişirilen” diýip baha berdi. Şol bir wagtda-da ol polisiýanyň we armiýanyň protestleri basyp ýarymaga synanyşykda ençeme ýalňyşlyklar goýberendigini boýun aldy.

Seýf al-Islam duşenbe güni parlamentiň reformalar geçirmek we aýlyk haklaryny ýokarlandyrmak meselelerine seretjekdigini habar berdi.

Öten agşam harbylar ýurtda ululygy boýunça ikinji şäher Bengazini terk edýändiklerini aýtdylar. Şu şäherde iň güýçli çaknyşyklar bolupdy. Adam hukuklaryny goraýjylaryň maglumatyna görä, şol çaknyşyklarda pida bolanlaryň sany 200 adamdan agdyk.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun köpçülikleýin protest akiýalary dowam edýän Demirgazyk Afrika we Ýakyn Gündogar ýurtlaryny zorlugy bes edip, adam hukuklaryna hormat goýmaga çagyrdy.

ABŞ ýene bir gezek Liwiýa häkimiýetlerini parahat demonstrasiýaçylaryň garşysyna güýç ulanmakdan ýüz öwürmäge çagyrdy.

Waşington Liwiýanyň lideriniň ogly Seýf al-Islam Kaddafiniň pozisiýasyny öwrenjekdigini, içki konfliktiň güýçlenen şertlerinde onuň geçirmekçi bolýan reformasynyň nä derejede çynlakaýydygyny öwrenmäge synanyşjakdygyny hem öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG