Sepleriň elýeterliligi

Liwiýada protest aksiýalary paýtagty-da gaplap aldy


Liwiýadaky bidüzgünçilikler ýurduň iň uly şäherleri Tripolini we Bengazini gaplap aldy. Paýtagt Tiripolide yzygederli ok sesleriniň eşidilýändigini informasion agentlikler habar berýärler.

Liwiýanyň gündogaryndaky Bengazi şäherinde hökümet goşunlarynyň harby gullukçylary Muammar Kaddafiniň režimine garşy çykýanlaryň tarapyna geçdi diýip, gözi bilen görenlere salgylanmak bilen agentlikler habar berýär.

Bazar güni Bengazide 50 adamyň ölendigini, ýüzlerçesiniň ýaralanandygyny ýerli lukmanlar habar berdi.

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasynyň maglumatyna görä, ölenleriň umumy sany bärsinden 233 adam.

Öten agşam Muammar Kaddafiniň ogly Seýf al-Islam halka ýüzlenme bilen telewideniýe arkaly çykyş etdi. Ol ýüzlerçe adamyň wepat bolandygyny inkär etdi, Liwiýany parçalamga gönükdirilen dil düwşükde yslamçylary, separatistik meýilli tireleri we “daşary ýurt güýçlerini” aýyplady.

Kaddafiniň ogly häkimiýete garşy durýanlaryň birnäçe harby obýekti eýeländigini boýun aldy.

Liwiýanyň Arap döwletleri ligasyndaky hemişelik wekili Abdel Moneým al-Hosni protestçilere garşy häkimiýetleriň hereketlerine protest hökmünde iş başyndan çekilýändigini yglan etdi.

Halkara jemgyýetçiligi Liwiýadaky bikanun hereketleri üzül-kesil ýazgardy.

Ýewropa Bileleşigi we ABŞ Liwiýadan eglenmezden repressiýalary bes etmegini talap etdi.
XS
SM
MD
LG