Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň iki harby gämisiniň Suesden geçmesi soňa goýulýar


Eýranyň iki harby gämisiniň Sues kanalyndan geçmesi 48 sagat soňa goýulýar. Bu barasynda Müsüriň häkimiýetleri habar berdi. Sebäbi barasynda düşündiriş ýok.

Mundan öň şol iki gäminiň kanaldan duşenbe güni irden geçjekdigi habar berlipdi.

Eýranyň harby gämileri Sues kanalynda 1979-njy ýylyň Yslam rewolýusiýasyndan bäri ilkinji gezek peýda bolar.

Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu Müsürdäki durnuksyz ýagdaýdan peýdalanmaga synanyşykda Eýrany aýyplady we öz hökümetine ýagdaýa çynlakaý seretmäge tabşyryk berdi.
XS
SM
MD
LG