Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemeniň paýtagtynda studentler demonstrasiýa geçirdi


Ýemeniň paýtagty Sanada bazar güni üç müň töweregi student prezident Aly Abdalla Salehiň iş başyndan gitmegini talap edip, demonstrasiýa geçirdi.

Protest aksiýalary Ibb, Taiz şäherlerinde boldy.

Prezident Saleh oppozision partiýalary ýene-de gepleşiklere çagyrdy. Ol telekeçilere we ýerli syýasatçylara ýüzlenmesinde oppozisiýanyň kanuny talaplarynyň ählisini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Ýemende hökümete garşy demonstrasiýalar 10 gün bäri yzygiderli dowam edýär.
Mundan öň prezidentiň tarapdarlary bilen oppozisiýanyň çaknyşygynda bäş adam ýaralandy. Bir adamyň öldürilendigi-de habar berilýär. Ýöne IIM bu habary inkär edýär.

32 ýyl bäri häkimiýet başynda oturan Saleh 2014-ňji ýylda boljak prezident saýlawlarynda öz kandidaturasyny goýmajakdygyny aýtdy, emma oppozisiýa bu berilýän sözi ýeterlik hasap etmeýär.
XS
SM
MD
LG