Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň öňki meriniň aýaly daşary ýurtda


Moskwanyň öňki häkimi Ýuriý Lužkowyň aýaly, “Inteko” kompaniýasynyň baştutany Ýelena Baturina eger soraga çagyrsalar, Orsýetiň paýtagtyna barjakdygyny aýtdy.

Ýekşenbe güni NTW telekanalynda çykyş edip, Baturina Orsýeti ymykly terk etmegi planlaşdyrýandygyny, ýöne watanynda özüne hiç hili howpuň abanmaýandygyna göz etirmek isleýändigini aýtdy. Ol häzir Beýik Britaniýada.

“Inteko” kompaniýasynyň baştutany Ýelena Baturina “Moskwa bankyndan” 13 milliard rubllyk kredit almakda öz garşysyna öňe sürülýän aýyplmany inkär edýär.

Ýakynda “Inteko” kompaniýasynyň edara jaýynda we Baturina bilen bagly beýleki firmalarda barlag işi geçirildi.
XS
SM
MD
LG