Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tunis hökümeti öňki prezidenti ýurda getirmekçi


Öňki prezident Ben Alini gaýdyp bermek haýyşy bilen Tunis hökümeti Saud Arabastynana ýüz tutdy.

Tunise 23 ýyl prezident bolan Ben Ali özüniň iş başyndan çekilmegini talap edýän köpçülikleýin protest aksiýalaryň iň gyzgalaňly döwri –14-nji ýanwarda Tunisi terk edipdi.

Şondan bäri Saud Arabystanyna gaçan öňki prezidentiň ykbaly barasynda gapma-garşylykly informasiýalar gowuşýar. Ol agyr keselläpdir, hat-da ölüpdir diýen myş-myşlaram bar.

Öz ýurdunda Ben Ali adam hukuklaryny bozmakda, korrupsiýada we maliýe galplyklarynda aýypylanýar.
XS
SM
MD
LG