Sepleriň elýeterliligi

Liwiýa: Kaddafiniň režimi yraň atýar


Gijäniň dowamyndaky protestlerden soň häzir Liwiýanyň paýtagty Tripola tolgundyryjy ýagdaý dolandy. Bu protestler Liwiýanyň prezidenti Muammar Kaddafiniň gozgalaňa garşy soňuna çenli göreşjekdigi barada eden duýduryşyna garamazdan, barybir geçirildi.


Liwiýadaky tolgunyşyklar ýurduň gündogardaky Bengazi şäherinden paýtgat Tripolä ýetdi. Häzir Bengazi şäheri Kaddafiniň 42 ýyllyk häkimiýetine garşy çykmagyň ruhlandyryjysy hökmünde häsiýetlendirilýär.

Ýitgi uly

Protestçiler polisiýa işgärleri bilen çaknyşyga girenlerinde, paýtagtda ok atmalaryň sesleri hem eşidildi. Demonstrantlar döwlet eýeçiligindäki habar agentlikleriniň binalaryny derbi-dagyn etdiler. Şeýle-de olar birnäçe jemgyýetçilik binalary, şol sanda parlamentiň mejlis geçirýän Milli zalyny hem otladylar.

“Al Jazeera” telekanalynyň berýän maglumatyna görä, gijäniň dowamynda Tripolide bolan çaknyşyklarda azyndan 61 adam ölüpdir.

Bengazide esgerleriň we polisiýanyň yza çekilmegi sebäpli protestçiler şäheriň aglaba bölegini eýeläne meňzeýär. Adam hukuklary boýunça halkara “Human Rights Watch” guramasynyň berýän maglumatyna görä, ýurtda tolgunyşyklar başlaly bäri azyndan 233 adam ölüpdir. Bu hasabatda düýn gije ölen 61 protestçi göz öňünde tutulanok.

Kaddafiniň ogly Saif al-Islam kamera barmagyny çommaldyp, daşary ýurtdaky dissidentleri Liwiýadaky bidüzgünçiliklere meçew bermekde günäledi, 20-nji fewral.
Kaddafiniň ogly Saif al-Islam Kaddafi fewralyň 20-den 21-ine geçilýän gije ýurduň telewideniýesinde çykyş etdi. Ol Müsürdäki we Tunisdäki protestlerden ruhlanan raýatlaryny köşeşdirmäge synanyşdy. Şeýle-de Saif al-Islam Kaddafi ýurtdaky tolgunyşyklaryň graždanlyk urşuna ýazmak howpunyň bardygyny hem duýdurdy.

"Liwiýa Müsür däl. Liwiýada taýpalar we klanlar bar. Ol köppartiýaly we şuňa meňzeş zatlardan ybarat jemgyýet däl. Her kim öz üstüne düşýän wezipäni bilýär. Bularyň graždanlyk urşunyň döremegine sebäp bolmagy mümkin. Biz 1936-njy ýyldaky graždanlyk urşuny gaýtalarys. Liwiýa Tunis ýa-da Müsür däl. Liwiýanyň nebiti bar. Bu tutuş Liwiýany birleşdirdi. Şeýle-de bu Liwiýanyň birleşmeginiň esasy sebäpleriniň biri boldy” diýip, Saif al-Islam Kaddafi çykyş etdi.

Kakasyna derek ogly gürleýär

Saif al-Islam Kaddafi syýasy reformalary geçirmegi teklip etdi. Şeýle-de ol polisiýanyň we harbylaryň “ýalňyşlyklara” ýol berendigini hem boýun aldy. Emma Saif al-Islam Kaddafi “Human Rights Watch” guramasynyň ölen adamlar barada berýän sanyny ret etdi. Şeýle-de ol öz atasynyň ýurdy terk edendigi baradaky habaryň hem ýalandygyny belledi.

Saif al-Islam Kaddafiniň aýtmagyna görä, onuň kakasy gozgalaňlara garşy soňuna çenli göreşer. Kamera barmagyny çommaldyp, Saif al-Islam daşary ýurtdaky dissidentleri Liwiýadaky bidüzgünçiliklere meçew bermekde günäledi.

Liwiýanyň Bengazi şäheri, 20-nji fewral
Ýurtdaky haýbat atmalar we eglişikler Kaddafiniň protestleri gazaply basyp ýatyrmagy netijesinde dörän liwiýalylaryň gahar-gazabyny azatlmajaga meňzeýär.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, esgerler protestçileri awtomatik ýaraglary bilen oka tutupdyrlar. Şeýle-de mergenler binalaryň depesinden protestçileri atypdyrlar.

Bu baradaky habarlary barlamak mümkin däl. Sebäbi daşary ýurt mediasynyň wekillerine ýurda girmek gadagan edildi.

Ýekşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Liwiýada güýç ulanylmagyna “juda aladalanýandygyny” mälim etdi.

Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň aýtmagyna görä, şu gün Britaniýanyň Liwiýadaky ilçihanasynyň işgärleri ýurtdan çykarylyp başlanar.

“British Petroleum” we Norwegiýanyň “Statoil” kompaniýalary hem liwiýaly bolmadyk işgärlerini ýurtdan çykaryp başladylar.
XS
SM
MD
LG