Sepleriň elýeterliligi

Britaniýanyň premýeri Deýwid Kameron Müsüre sapar edýär


Şu gün Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron resmi sapar bilen Müsüre bardy.

Deýwid Kameron Müsüriň öňki prezidenti Hosni Mubaregiň häkimiýetden gitmeginden soň ýurda sapar edýän ilkinji daşary ýurt lideridir.

Bu saparynyň dowamynda Deýwid Kameronyň Müsüriň resmileri we Mubarege garşy çykan oppozisiýanyň wekilleri bilen gepleşik geçirmegine garaşylýar.

Emma britan premýeri yslamçy “Musulman doganlygy” toparynyň wekilleri bilen gepleşik geçirmez.
XS
SM
MD
LG