Sepleriň elýeterliligi

Bahreýnli protestçiler Göwher meýdançasyna ýerleşdiler


Duşenbe güni 10-larça müň bahreýnliler paýtagt Manamanyň merkezi Göwher meýdançasynda çadyrlary dikdiler. Protestçiler ýurtda täze hökümetiň düzülmegini talap edýärler.

Bahreýnde protestler bir hepde töweregi wagt bäri dowam edýär.

1,500-e golaý bilim işgärleri hem meýdançadaky protestlere goşuldylar.

Oppozisiýa ýurtda raýatlara häkimiýeti saýlmaga has köp hukuk berjek hakyky konstitusion monarhiýany talap edýärler. Şeýle-de olar syýasy tussaglaryň boşadylmagyna çagyrýarlar.

Patyşa Hamad bin Isa al-Halifa öz ogluna - mirasdüşer şazada ähli taraplar bilen gepleşiklere başlamagy tabşyrypdyr.
XS
SM
MD
LG