Sepleriň elýeterliligi

Sudanyň prezidenti Al-Başir indiki möhlete dalaş etmez


Sudanyň prezidenti Omar Hassan al-Başiriň nobatdaky prezidentlik saýlawlaryna dalaş etmejekdigini ýurduň resmileri habar berýär.

Ýurduň dolandyryjy partiýasynyň ýokary derejeli resmisi Rabiýe Abdelatiniň “Reuters” habar gullugyna aýtmagyna görä, bu netijä ýurdy demokratiýalaşdyrmak ugrunda amala aşyrylýan reformalaryň çäginde gelnipdir.

Ýurtda nobatdaky prezidentlik saýlawlary öňümizdäki dört ýylyň içinde geçirilmeli.

Halkara jenaýat sudy prezident Omar Hassan al-Başiri uruş jenaýatlarynda we genosidde aýyplaýar.

Başiriň özi bu aýyplamalary iňkär edýär.
XS
SM
MD
LG