Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky partlamada 31 adam öldi, 42-si ýaralandy


Owganystanyň Gunduz welaýatynda janyndan geçen hüjümçiniň özüni partlatmagy netijesinde azyndan 31 adamyň ölendigi habar berilýär.

Hökümet resmisi Mohammad Aýub Hakýaryň berýän maglumatyna görä, adamlar Emam Saheb etrabynda şahsyýetnama üçin nobata durkalar janyndan geçen hüjümçi özüni partladypdyr.

Resmileriň aýtmagyna görä, bu partlamada başga-da 42 adam ýaralanypdyr.
XS
SM
MD
LG