Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda halkara futbol ýaryşy başlandy


 Gowşak komandalaryň gatnaşdyrylmagy Türkmenistanyň prezidentiniň kubogy ugrundaky futbol ýaryşynyň janköýerler üçin gyzyksyz bolmagyna getirýär.
Gowşak komandalaryň gatnaşdyrylmagy Türkmenistanyň prezidentiniň kubogy ugrundaky futbol ýaryşynyň janköýerler üçin gyzyksyz bolmagyna getirýär.

20-nji fewralda Türkmenistanyň prezidentiniň kubogy ugrundaky halkara futbol ýaryşy başlandy. Ýaryşyň ilkinji oýunlary Ahal welaýatynyň Abadan şäherindäki stadionda geçirildi.

1995-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu haklara futbol ýaryşynyň düýp maksady Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň doglan güni bolan 19-njy fewral gününi has-da dabaralandyrmakdan ybarat bolupdy.

Ozal 19-njy fewral güni, ýagny ilkinji prezidentiň doglan güni, final oýny geçirilýän bu futbol ýaryşy Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagy bilen, indi 19-njy fewraldan soň bat aldyrylýar.

Bu gezekki futbol ýaryşynyň umumy gory 35 müň amerikan dollary bolup, birinji orny eýelän komanda 20 müň, ikinji orny eýelän komanda 10 müň, üçünji orny eýelän komanda 5 müň amerikan dollary gowşurylar.

Ýaryşyň býujetiniň az bolmagy sebäpli, Türkmenistanyň prezidentiniň kubogy ugrundaky halkara futbol ýaryşyna daşary ýurtlaryň juda gowşak komandalary geldiler.

Halkara futbol ýaryşynda «A» toparda Orsýetiň «Anži» komandasynyň ikinji düzümi, Ermenistanyň «Gandzasar», Eýranyň ikinji ligasynyň ýaşlar komandasy bolan «Ogab Gonbad», şeýle hem Türkmenistanyň prezidentiniň häzirki kubogynyň eýesi, Türkmenistanyň wise-çempiony «Altyn asyr» çykyş edýär.

«B» toparda Orsýetiň ikinji ligasynyň komandasy bolan «Şeksna», Täjigistanyň «Regar-TadAZ», Marynyň «Merw» hem-de Balkanabadyň «Nebitçi» komandalary çykyş edýär.

Gowşak komandalaryň gatnaşdyrylmagy Türkmenistanyň prezidentiniň kubogy ugrundaky futbol ýaryşynyň janköýerler üçin gyzyksyz bolmagyna getirýär. Futbol janköýerleri bu ýaryşa düýbünden barmaýarlar.

Prezidentiň kubogy ugrundaky geçirilýän ýaryşlarda stadionlaryň boş bolmazlygy üçin ýaryşy gurnaýjylar mekdepleriň mugallymlaryny, çagalar baglarynyň terbiýeçilerini, okuwçylary futbol ýaryşyna sürýärler.

Futbol ýaryşy geçýänligi sebäpli, şu günler paýtagtyň hem-de Abadan şäheriniň mekdeplerinde ýokary klaslarda okuwlar ýatyrylýar. Olaryň hemmesi mugallymlar bilen birlikde stadiona futbol görmäge sürülýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň kubogy ugrundaky futbol ýaryşyna zenan mugallymlaryň görkezme bilen eltilýändigi baradaky maglumat daşary ýurt mediasyna ýaýransoň, türkmen telewideniýesi futbol ýaryşynda stadiondaky tomaşaçylary mümkin boldugyndan ekranda görkezmekden saklanýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG