Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Liwiýa meselesine garalýar


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Liwiýadaky ýagdaýy maslahatlaşýar.

Geňeş Liwiýadaky bidüzgünçilikler bilen bagly uly alada bildirdi we häkimiýetleri gandöküşligi bes etmäge çagyrdy.

Şunuň ýaly çagyryş bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton hem çykyş etdi. Klinton Liwiýa hökümetine ählumumy adam hukuklaryna, şol sanda söz, ýygnaklar azatlyklaryna hormat goýmagyň möhümdigini ýatlatdy.

ÝB-e agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Brýusselde bolan maslahatyna gatnaşyjylar-da Liwiýa häkimiýetlerine çagyryş bilen ýüzlendiler.
XS
SM
MD
LG