Sepleriň elýeterliligi

Bahreýnde tussaglykda oturan şaýylar boşadylýar


Duşenbe güni Bahreýniň patyşasy Hamad bin Isa al-Halifa tussagda oturan şaýylary boşatmaga we birnäçe sud prosessini togtatmaga buýruk berdi. Bu barasynda Bahreýniň döwlet täzelikler agentligi habar berdi.

Duşenbe güni esasan şaýylardan ybarat 10 müň töweregi demonstrasiýaçy Manamanyň merkezi meýdanyna ýygnanyp, hökümetiň çalşylmagyny talap etdiler.

Aksiýa gatnaşyjylar ýurtda köplügi düzýän şaýylaryň hukuklaryna hormat goýulmagyna aýak dirediler.

Ähli syýasy partiýalar bilen gepleşikler geçirmegi Bahreýniň patyşasy Hamad bin Isa al-Halifa mirasdüşer şazada - öz ogluna tabşyrdy.

Bahreýn häkimiýetleri hökümete garşy dowam edýän demonstrasiýalar sebäpli "Formula-1" awtomobil ýaryşyny ýatyrdy. Ýaryş 13-nji martda başlanmalydy.
XS
SM
MD
LG