Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Moskwadaky ilçisi Orsýetiň DIM-ne çagyryldy


ABŞ-nyň Moskwadaky ilçisi Jon Baýerli Kuril adalary problemasy boýunça ýakynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň we ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasynyň resmi wekilleriniň eden beýannamasy bilen bagly ors DIM-ne çagyryldy.

Amerikan ilçisine Kuril adalary meselesinde Orsýetiň özbaşdaklygy bilen bagly Orsýetiň pozisiýasy beýan edildi.

Geçen anna güni ABŞ-nyň Döwlet departamenti Kuril adalarynyň töweregindäki territorial dawalar boýunça Orsýeti we Ýaponiýany gepleşliklere çagyrdy.

Şol çagyryş Orsýetiň DIM-i hepdäniň penşenbe güni şu mesele boýunça Ýaponiýa bilen gepleşikler geçirmekçi däldigini aýdandan soň edilipdi.
XS
SM
MD
LG