Sepleriň elýeterliligi

Täze Zelandiýanyň günortasynda güýçli ýer titreme boldy


Sişenbe güni Täze Zelandiýada 6,5 bala deň güýçli ýer titreme boldy. Ölenleriň, ýaralananlaryň sany anyklanýar.

Ýurduň günortasyndaky Kraýstçerç şäherine zyýan ýetdi, ýaşaýyş jaý kwartallarynda ýumrulan binalaryň bardygy habar berilýär.

Bu ýerde geçen ýylyň 4-nji sentýabrynda-da ýer titräpdi. Şonda şäher etraplaryna zeper ýetipdi.

Şäher häkimi Bob Parkeriň berýän bahasyna görä, häzirki ýer titremäniň ýetiren zyýany, betbagtçylygy geçen ýylkydan köp bolar.
XS
SM
MD
LG