Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň iki harby gämisi Sues kanalyny geçdi


Eýranyň iki harby gämisiniň Sues kanalyny geçendigi habar berilýär.

Bu Eýranyň harby gämileriniň Sues kanalynda 1979-njy ýylyň Yslam rewolýusiýasyndan bäri ilkinji gezek peýda bolşudyr.

Berilýän maglumata görä, Eýranyň harby gämileri Siriýa türgenleşik geçmäge barýarlar.

Ysraýyl Eýranyň gämileriniň bu geçişini Ýakyn Gündogardaky wakalara öz täsirini ýetirmek synanşygy boýunça prowokasiýa diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG