Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň wise-premýeri öňki biznesmen Hodorkowskini aýyplady


Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Igor Seçin "Ýukos" kompaniýasynyň öňki başlygy, häzir tussaglykda saklanýan Mihail Hodorkowskini “adamlary öldürmäge, gynamaga we olardan güýç bilen pul almaga” buýruk berenlikde aýyplady.

Seçiniň bu aýyplamalary barada onuň “Wall Street Journal” gazetine beren interwýusynda aýdylýar.

Seçin Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň ýakyn egindeşi. Şeýle-de ol “Rosneft” kompaniýasynyň Direktorlar geňeşiniň başlygy.

"Rosneft" döwlet eýeçiligindäki kompaniýadyr. Oňa "Ýukos" kompaniýasy batandan soň, onuň serişdelerini öz hasabyna geçirmäge ygtyýar berlipdi.

Orsýetiň öňki nebit läheňi Mihail Hodorkowskiý salgyt galplyklarynda aýyplanyp, sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Geçen ýylyň dekabrynda Hodorkowskä 26 milliard dollara golaý pul ogurlamakda hem aýyplama bildirilip, ýene-de goşmaça alty ýyl türme tussaglygy berildi

Hodorkowskiniň aklawçylary bu aýyplamalary “manysyz we syýasy matlaply” diýip atlandyrdylar.
XS
SM
MD
LG