Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýranyň oppozision lideriniň ogly tussag edildi


Eýranyň oppozision Web saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, ýurduň resmileri oppozisiýa lideri Mehdi Karrubiniň ogly Ali Karrubini tussag edipdirler.

Mehdi Karrubi we beýleki oppozisiýa lideri Mir Hossein Musawi, 14-nji fewralda Tunisdäki we Müsürdäki protestleri goldap ýöriş geçirmäge eden çagyryşlaryndan soň, geçen hepdeden bäri öý tussaglygynda saklanýarlar.

14-nji fewralda oppozisiýanyň gurnan ýörişinde protestçiler bilen ýurduň howpsuzlyk güýçleri çaknyşdy. Şol wakalarda azyndan iki adamyň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG