Sepleriň elýeterliligi

Halkara adam hukuklaryny goraýjylar BMG-e ýüzlendi


Adam hukuklaryny goraýjy 70 sany guramadan düzülen Halkara koalisiýa dünýä güýçlerini we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-muny BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşindäki Liwiýanyň agzalygyny togtatmaga çagyryş etdiler.

Halkara koalisiýa Liwiýanyň raýatlaryny “adamzada garşy jenaýatçylyklardan” goramak üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň çagyrylmagyny hem sorady.

Bu beýanaty Günorta Afrikanyň Milli geňeşiniň öňki başlygy Dr.Fren Ginwala, pelsepeçi Fransis Fukuýama we liwiýaly hukuk goraýjy aktiwist Mohamed Eljahmi hem goldady.
XS
SM
MD
LG