Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Liwiýada protestçilere hüjüm edilmegini ýazgarýar


BMG-niň adam hukuklary boýunça Baş komissary Neýwi Pillaý Liwiýanyň hökümetiniň protestçilere eden zulmy boýunça halkara derňewleri geçirmäge çagyrdy.

BMG-niň uruş jenaýatlary boýunça öňki sudýasy Neýwi Pillaý “parahat ilata garşy edilýän dowamly hüjümlere adamzada garşy jenaýat hökmünde seredilip bilner” diýip, Liwiýanyň hökümetiniň hüjümlerini ýazgardy.

Dünýä döwletleri Liwiýadaky raýatlaryny deňiz we howa ýollary arkaly ýurduň daşyna çykaryp başladylar.

Şaýatlaryň we oppozisiýa wekilleriniň aýtmagyna görä, Liwiýanyň ýolbaşçysy Muammar Kaddafä wepaly güýçler ýurduň ençeme şäherlerinde, şol sanda paýtagt Tripolide we Bengazide protestçilere garşy ot açypdyrlar. Bu wakalarda ýüzlerçe adam öldi.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, paýtagt Tripoliniň käbir köçelerinde adam jesetleri bar.

Liwiýanyň telewideniýesi köpçülikleýin gyrgynçylyklar baradaky habarlary ret edip, olary “ýalan we gep-gybat” diýip häsiýetlendirdi.

Emma Liwiýanyň ençeme diplomatlary Kaddafiniň garşysyna çykyş edip, onuň häkimiýetden gitmegini talap edýärler.

Duşenbe güni BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun hem Liwiýanyň hökümetiniň demonstratlara garşy hüjüm etmegini ýazgaryp çykyş etdi.

"Liwiýanyň häkimiýetleri demonstratlary harby uçarlardan we dikuçarlardan oka tutdy. Bu kabul ederliksizdir. Bu ýagdaý dessine togtadylmalydyr” diýip, BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun aýtdy.
XS
SM
MD
LG