Sepleriň elýeterliligi

Erkekler güni


1992-nji ýylyň 27-nji ýanwary Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň döredilen günüdir.

1992-nji ýylyň 27-nji ýanwary Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň döredilen günüdir.

Türkmenistanda 23-nji fewral resmi taýdan ykrar edilmedik erkekler günüdir.

Täze ýyl, Halkara zenanlar güni, Ýeňiş güni, Garaşsyzlyk güni ýaly käbir baýramçylyklarymyz bolaýmasa, resmi taýdan bellenilýän 30-dan gowrak baýramçylyk günleriniň köpüsine raýatlarymyz biparh garaýarlar hem ol günleri nobatdaky ýasama şowhuna beslenen köpçülik çäresi hasap edýärler.

Emma resmi taýdan ykrar edilmese hem, sowet döwründe Gyzyl goşunyň dörän güni hökmünde baýram edilip gelnen 23-nji fewraly erkek adamlaryň güni hökmünde ilatymyz kabul edýär. Şol günde şäher ýaşaýjylary hem, oba ýerlerinde hem gelin-gyzlarymyz ýakynlaryny, dost-ýarlaryny resmi taýdan ykrar edilmedik erkekler güni bilen gutlaýarlar.

Ýurdumyzyň bäş welaýatyndan hem gürrüňdeş bolan mugallymlarymyzyň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, okuwçy gyzlar öz klasdaş oglanlaryny 23-nji fewralda dürli sowgatlar bermek bilen gutlaýan ekenler.

Dogry, otuz bäş ýaşdan aşakdaky raýatlarymyzda 23-nji fewralyň Gyzyl goşunyň döredilen günüdigi hakynda düşünje ýok bolsa gerek. Bu günüň erkek adamlaryň baýramçylygydygy hakyndaky düşünje ýaşlara uly neslimizden geçen bolmaly. Sebäbi uly nesil tä Garaşsyzlyk döwrüne çenli 23-nji fewraly baýram hökmünde belläp geldi.

1992-nji ýylyň 27-nji ýanwary Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň döredilen günüdir. Bu gün resmi taýdan baýramçylyk hökmünde bellenmese-de, döwlet baştutanymyz ýylda Ýaragly güýçlerimiziň döredilen güni bilen baglanyşykly gutlagy ýurdumyzyň serkerdelerine, esgerlere ýollaýar. Ýöne Türkmen goşunynyň döredilen gününi baýram hökmünde bellemek hakynda ilatymyzda asla düşünje ýok.

Umuman, ilatymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyňam Gyzyl goşunyň döredilen gününi—23-nji fewraly erkek adamlaryň güni hökmünde kabul etmegi raýatlarymyzyň Nyýazow tarapyndan döredilen, häzirem dowam edýän syýasata biparhlyk, ynamsyzlyk bilen garaýandygyny subut edýär. Şol sebäplem ýurdumyzda ählumumy harby borçlulygyň bardygyna seretmezden, soňky döwürde harby pudakda oňyn özgerişlikleriň edilendigine garamazdan, Türkmen goşuny milli derejä çenli göterilip bilmedi.

Döwlet ýolbaşçylarymyz goýberilen ýalňyş syýasatdan netije çykaryp, ilatymyzyň hökümete bolan ynamyny, Ýaragly güýçlerimize bolan hormatyny dikeltmek üçin halk bähbitli işleri amala aşyrarlar diýip umut edýärin. Diňe şeýle ýagdaýda ýurdumyzyň raýatlary taryha giden Gyzyl goşunyň gününi däl-de, Türkmen goşunynyň gününi buýsanç bilen bellärler.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG