Sepleriň elýeterliligi

Liwiýanyň ençeme ilçihanasynda öňki patyşalygyň baýdagy asyldy


Liwiýada ýurduň gündogar bölegi oppozisiýanyň kontrollygynda diýip, informasion agentlikler we BBC habar berýär.

Paýtagt Tripolide ýagdaý sişenbe bilen deňeşdirilende biraz asuda, ýöne tolgunyşyklaryň arasy üzülmeýär. Dürli maglumatlara görä, ölenleriň sany 300 bilen 600 adam aralygynda.

Sişenbe güni ýurduň içeri işler ministri, Kaddafiniň iň ýakyn egindeşleriniň biri Al-Abidi wezipesinden çekilýändigini yglan etdi we polisiýa bilen goşuny gozgalaňçylaryň tarapyna geçmäge çagyrdy.

Şol gün telewideniýe arkaly çykyş edip, Kaddafi prezident däl-de, “Liwiýa rewolýusiýasynyň lideri hökmünde” häkimiýetden çekilmejekdigini aýtdy. Ol öz tarapdarlaryny oppoziýa bilen göreşe çagyrdy.

Dürli ýurtlardan gowuşýan maglumatlara görä, Liwiýanyň ençeme ilçihanasynda Kaddafi tarapyndan 1969-njy ýylda agdarylan öňki patyşalygyň baýdagy asylypdyr.
XS
SM
MD
LG