Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Liwiýa häkimiýetlerini ýazgardy


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Liwiýany demonstrasiýaçylar dargadylanda ulanan ýaragly zorluklary üçin ýazgardy we bu işi eglenmezden bes etmäge çagyrdy.

Geňeş şeýle-de Liwiýa häkimiýetlerini daşary ýurtlularyň howpsuzlygyny, gumanitar guramalaryň işgärleriniň ýaralylaryň ýanynana barmagyny üpjün etmäge çagyrdy.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Kaddafiniň režimi bilen arasyny kesen liwiýaly diplomatlaryň inisiatiwasy boýunça duşuşyk geçirildi. Olar öz ýurdundaky ýagdaýa Geňeşiň goşulyşmagyny haýyş etdiler.

Liwiýa wekilleriniň haýyşyny Howpsuzlyk Geňeşine hemişelik agza ýurtlaryň üçüsi ABŞ, Britaniýa we Fransiýa goldady.

Hytaý bilen Orsýet özlerine däp bolup gelýän - garaşsyz döwletiň içerki işlerine goşulyşmazlyk pozisiýasyny eýeledi.

Duşuşykdan soň liwiýaly diplomatlaryň biri: “Kaddafiniň öten agşamky teleýüzlenmesinden soň ýurtdaky ýagdaý has-da uly alada döredýär” diýdi.
XS
SM
MD
LG