Sepleriň elýeterliligi

Peru Liwiýa bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýatyrdy


Peru Liwiýa bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýatyrdy. Bu barasynda şu gün ýurduň prezidenti Alan Garsiýa Peres aýtdy.

“Halkyň garşysyna zorluklar bes edilen halatynda, diňe şonda gatnaşyklary ýaňadan dikeltmäge garaşyp bolar” diýip, Peres sözüne goşdy.

Arap döwletleri ligasynyň baştutany Amr Musa: “Halkara jemgyýetçiliginiň talaplaryna reaksiýa bildirmese, Liwiýa Liganyň işine gatnaşyp bimez” diýdi.

Häzirlikçe Liwiýa häkimiýetleri talaplara reaksiýa bildirmeýär.
XS
SM
MD
LG