Sepleriň elýeterliligi

Alžir hökümeti adatdan daşary ýagdaý režimini ýatyrdy


Alžir hökümeti sişenbe güni mundan 19 ýyl öň girizilen adatdan daşary ýagdaýy ýatyrmak barada karar kabul etdi.

Şeýle kararyň kabul edilmegi oppozisiýanyň talaplaryna we ýakynda Tunisde hem Müsürde bolan döwlet agdarylyşyklaryna Alžir hökümetiniň jogabydyr.

Ýöne adatdan daşary ýagdaýyň ýatyrylmagy, garaşylyşyna görä, ýurduň paýtagtynda geçirilýän köpçülikleýin aksiýalar meselesini çözüp bilmez.

Hökümetiň karary resmi metbugatda çap edilenden soň güýje girýär.

Alžirde adatdan daşary ýagdaý 90-njy ýyllaryň başynda hökümet goşunlary bilen yslamçy güýçleriň göreş fonunda döredilipdi. Köp ýyllyk şol göreşiň dowamynda 200 müň töweregi adam heläk boldy.
XS
SM
MD
LG