Sepleriň elýeterliligi

Täze Zelandiýada bolan ýer titrmemede 300 adam at-dereksiz ýitdi


Sişenbe güni güýçli ýer titrmeden ejir çeken Täze Zelandiýanyň Kraýstçörç şäherinde 300 adam at-dereksiz ýiten hasap edilýär. Bu barasynda şäher häkimi Bob Parker habar berdi.

Harabalygy dörmek işi dowam edýär. 75 adamyň ölendigi tassyklandy. Ýer sarsgynyndan soň şäherde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Ýurduň hökümet başlygy Jon Keý bu betbagtçylygy “Täze Zelandiýanyň taryhynda iň gara gün” atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG