Sepleriň elýeterliligi

Silwiýa Berluskoni Muammar Kaddafi bilen gepleşdi


Sişenbe güni Italiýanyň premýer-ministri Silwiýa Berluskoni Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafi bilen telefon arkaly gürleşdi. Ol polkownigi “ýurtda graždanlyk urşunyň öňüni almaga” çagyrdy.

Şol gürrüňden öň adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” guramasy Liwiýada gandöküşligiň öňüni almak üçin Kaddafi bilen ysnyşykly gatnaşygyny ulanmak haýyşy bilen Berluskonä ýüz tutdy.

Liwiýanyň döwlet agentligine salgylanyp, “Reuters” agentliginiň berýän habaryna görä, şol gürrüňde Kaddafi ýurtdaky ýagdaýa “örän gowy” diýen bahany beripdir.

Şol bir wagtda-da Italiýa Liwiýadan bosgunlaryň deňiz arkaly ýüzüp gelmegine garaşýar. Italýan spesialistleriniň berýän bahasyna görä, olaryň sany 300 müň adama ýetmegi mümkin.
XS
SM
MD
LG