Sepleriň elýeterliligi

Senegal Eýran bilen diplomatik gatnaşygyny kesdi


Sişenbe güni Senegal Eýran bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesýändigini yglan etdi.

Senegalyň DIM-i bu Afrika ýurdunda hereket edýän separatistlere ýarag bermekde Eýranyň häkimiýetlerini aýyplady.

Gozgalaňçylaryň hüjümi netijesinde bazar güni üç senegal harbysy heläk boldy.

Mundan öň Nigeriýada eýran ýaraglarynyň bir tapgyry tutuldy. Senegal şol ýaraglaryň söweşijilere niýetlenendigini tassyklaýar.

Senegalyň goňşusy Gambiýa-da hut şu sebäbe görä Eýran bilen gatnaşyklaryny kesdi.
XS
SM
MD
LG