Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deňiz garakçylary dört amerikan harby deňizçisini öldürdi


Geçen hepde Oman aýlagynda somali deňiz garakçylary tarapyndan ogurlanan dört amerikan harby deňizçisi öldürildi.

Garakçylar bilen gepleşikler gidip duran wagty deňizçileriň atylyp öldürilendigini ABŞ-nyň harby komandowaniýesi habar berdi.

Şondan soň garakçylaryň gämisine zabt edilip, atyşykda iki garakçy öldürilipdir, ýene 13-si ýesir alnypdyr.

Gämileriň basylyp alynmagyna garşy durmak üçin regionda halkara filotiliýanyň bardygyna garamazdan, Gündogar Afrikanyň kenarýaka suwlarynda soňky ýyllar garakçylaryň hüjümleri köpeldi.
XS
SM
MD
LG