Sepleriň elýeterliligi

Ahmedinejad Liwiýada protestçileriň öldürilmegini ýazgardy


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad Liwiýada protestçileriň öldürilmegini ýazgaryp, çykyş etdi. Ol Liwiýanyň ýolbaşçysyny halkyň isleglerine gulak asmaga çagyrdy.

"Nädip döwlet baştutany öz halkyna garşy awtomat ýaraglary, tanklary we bombalary ulanyp bilýär? Nädip ýolbaşçy öz adamlaryny bombalap bilýär? Soňundan hem ‘Men ses çykaran islendik adamy öldürerin’ diýip bilýär?” diýip, Ahmedinejad çykyş etdi.

Eýran 2009-njy ýyldaky dawaly prezidentlik saýlawlaryndan soň ýüze çykan halk tolgunşyklaryny gazaply basyp ýatyrypdy.

Häzir Eýranyň resmileri arap dünýäsinde ýüz berýän protestlerden peýdalanyp, özlerine goldaw gazanjak bolýarlar.

Prezident Ahmedinejad öz çykyşynda protestleriň Ýewropa we Amerika hem baryp ýetmeginiň mümkindigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG