Sepleriň elýeterliligi

Bahreýnde 23 sany şaýy aktiwisti azatlyga goýberildi


Bahreýn resmileri terrorizmde aýyplanyp tussag edilen 23 sany şaýy aktiwistini azatlyga goýberdi. Şeýle-de häzirki wagt daşary ýurtda ýaşaýan iki aktiwistiň günäsi geçildi.

Parlamentdäki oppozisiýa wekiliniň aýtmagyna görä, jemi 100-e golaý tussag boşadylypdyr.

Bulara garamazdan, paýtagt Manamanyň Göwher meýdançasyndaky protestler dowam edýär. Oňa müňlerçe adam gatnaşýar.

Bahreýniň ilaty syýasy tussaglaryň boşadylmagyny we ýurtda syýasy reformalaryň amala aşyrmagy talap edýär.
XS
SM
MD
LG